Arap Ligasy, Sudandaky wagtlaýyn harby geňeşe goldaw berýär

Arap ligasy Sudandaky wagtlaýyn harby geňeşiň başlygy Abdulfettah Al Burhanyň durmuşa geçirýän işlerinden hoşal

1183254
Arap Ligasy, Sudandaky wagtlaýyn harby geňeşe goldaw berýär

Arap Ligasy, Sudandaky wagtlaýyn harby geňeşe goldaw berýändiklerini we halkara jemgyýetçiligine hem ýurtdaky durnuklylyga we ylalaşyga goldaw bermekleri barada çagyryş berdi.

Merkezi Müsüriň paýtagty Kairde ýerleşýän Arap Ligasy tarapyndan berlen beýanatda,  Arap ligasynyň Sudandaky wagtlaýyn harby geňeşiň başlygy Abdulfettah Al Burhanyň durmuşa geçirýän işlerinden hoşaldygy nygtaldy.

Goranmak ministri Awad Bin Awf, 11-nji aprelde döwlet telewideniýesinde Ýokary howpsyzlyk geňeşiniň başlygy hökmünde eden çykyşynda, harby goşunyň häkimiýeti ele geçirendigini we 2 ýyllyk geçiş döwrüniň başlandygyny mälim edipdi.

Awad Bin Awf  wagtlaýyn harby geňeşiň başlygy hökmünde kasam etmeginden 24 sagat soň wezipesinen çekilýändigini we ýerine Abdulfettah Al Burhany belländigini aýan etdi.

Wagtlaýyn harby geňeşiň başyna geçen Burhan, şenbe güni Wagtlaýyn harby geňeşiň adyndan kararnama çap edip, 8 adamyň geňeşe agzalyga bellenendigini mälim edipdi.

Wagtlaýyn harby geňeşiň agzalygyna bellenen 8 adam kasam edip wezipesine başlapdy.

Soňky gezek geňeş tarapyndan berlen beýanatlarda täze hökümetiň syýasatçylar tarapyndan guruljakdygy mälim edilipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar