Ukrainanyň Londondaky ilçisiniň ulagyna hüjüm guraldy

Hüjümçi göz tussaglygyna alyndy

1182863
Ukrainanyň Londondaky ilçisiniň ulagyna hüjüm guraldy

Ukrainanyň Londondaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Natalia Galibarenkonyň ulagyna başga bir sürüjiniň ulagy bilen bilkastlaýyn ýagdaýda süsendigi, Britaniýanyň Polisiýasynyň bolsa hüjümçä od açyp ony duruzandygy mälim edildi.

Ukrainanyň Londondaky ilçihanasy tarapyndan berilen beýanatda, Natalia Galibarenkonyň Holland Park etrapçasyndaky Ukrainanyň ilçihanasynyň öňünde goýulan ulagyna düýn irden şahsyýeti aýan edilmedik bir adamyň ulagy bilen süsendigi habar berildi.

Ady agzalan adamyň ulagynyň Polisiýa tarapyndan daşy gabalandygy, emma hüjümçiniň ilçiniň ulagyna ýene-de bir gezek süsendigi mälim edildi.

Polisiýa işgärleriniň dur diýip beren duýduryşyna gulak asmadyk hüjümçini, od açyp duruzyp bilendigi mälim edildi.

Hüjümçi göz tussaglygyna alyndy.


Etiketkalar: #Ukraina , #ilçi , #ulag , #hüjüm , #London

Degişli Habarlar