Alžir 4-nji iýulda täze prezidentini saýlar

Abdülaziz Buteflika protest ýörişleriniň dowam edýändigi we harby goşunyň beren duýduryşlary sebäpli 2-nji aprelde wezipesinden çekilipdi

1181042
Alžir 4-nji iýulda täze prezidentini saýlar

Alžiriň wagtlaýyn Prezidenti Abdulkadir Bin Salih, prezident saýlawlarynyň 4-nji iýulda geçiriljekdigini mälim etdi.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda, ýurduň wagtlaýyn Prezidenti Abdulkadir Bin Salih, prezident saýlawlarynyň 4-nji iýulda geçirilmegi barada karar kabul etdi.

20 ýyl ýurdy dolandyran we saglyk ýagdaýyna garamazdan 5-nji gezek prezidentlige dalaşgär bolan 82 ýaşyndaky Abdülaziz Buteflika özüne garşy geçirlen protest ýörişleri sebäpli 18-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirlen saýlawlary yza süýşüripdi.

Abdülaziz Buteflika protest ýörişleriniň dowam edýändigi we harby goşunyň beren duýduryşlary sebäpli 2-nji aprelde wezipesinden çekilipdi

Konstitutsiýa laýyklykda Millet Komissiýasynyň başlygy Abdulkadir Bin Salih öňňin parlamentde geçirlen oturluşykda wagtlaýyn prezidentlige bellenipdi.

 



Degişli Habarlar