Merkeliň ejesi wepat boldy

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň 90 ýaşly ejesi Herlind Kasner dünýeden ötdi

1181279
Merkeliň ejesi wepat boldy

Nemes mediasynda berilen habarlarda Hökümetiň metbugat Sekretary Steffen Seibertiň: “Kansleriň ejesi Herlind Kasner ýogaldy. Kansleriň we maşgalasynyň mahremliğine sarpa goýmagyňyzy haýyş edýäris” diýendigi nygtalýar.

Herlind Kasneriň haçan ýogalandygy barada doly maglumat berilmedik hem bolsa, nemes mediasy Kasneriň aýyň başynda wepat bolandygyny ýazdy.

Merkeliň ejesiniň birnäçe günüň dowamynda jaýlanjakdygy habar berildi.

Angela Merkeliň ruhany kakasy Horst Kasner bolsa 2011-nji ýylda ýogalypdy.



Degişli Habarlar