Eýran ABŞ-dan ar alýar

Eýran ABŞ-nyň Merkezi güýçlerini (CENTCOM) terror guramalarynyň sanawyna aldy

1179581
Eýran ABŞ-dan ar alýar

 

Eýranyň Milli Ýokary howpsyzlyk geňeşi, Ynkylap goragçylary goşunynyň daşary ýurtly terror guramalarynyň sanawyna alynmagyndan soň, ABŞ-nyň Merkezi güýçlerini (CENTCOM) terror guramalarynyň sanawyna alandygyny habar berdi.

Milli howpsyzlyk geňeşi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Amerikan hökümetiniň terrora goldaw berýändigi nygtaldy we ABŞ-nyň Merkezi güýçleri (CENTCOM) bilen arabaglanşykly güýçleriň terror guramalarynyň sanawyna alynandygy nygtaldy.

Beýanatda “Bu asylsyz karar sebitiň howpsyzlygy we parahatçylygy üçin diýseň howply. Mundan başgada halkara hukugyna we BMG-nyň kararlaryna bap gelmeýär. Ynkylap goragçylary goşuny sebitdäki ähli hyzmatdaşlary bilen birlikde Al Kaida, DAIŞ, Nusra ýaly beýleki terror guramalaryna garşy göreşýär” diýildi.

 



Degişli Habarlar