Owganystanyň günabatarynda Taliban tarapyndan hüjüm guraldy

Hüjümde 2 adam ýogaldy

1179086
Owganystanyň günabatarynda Taliban tarapyndan hüjüm guraldy

Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Gor welaýatyndaky Polisiýa merkezine Talibana agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy.

Goryň welaýat häkimliginiň metbugat sekretary Abdulhaý Hatibi, Talibana agza terrorçylaryň, Gor welaýatynyň Şutur Han diýilen ýerindäki Polisiýa merkezine hüjüm guramagy netijesinde 2 howpsyzlyk gullugkçysynyň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümde 1 howpsyzlyk işgäriniň ýaralanandygyny aýdan Hatibi, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Talibanyň hem ýitgi çekendigini mälim etdi.

Taliban tarapyndan mesele bilen bagly entek beýanat berilmedi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar