Taliban terrorçylary Badgys welaýatynyň Bala Murgab etrabyna hüjüm gurady

Taliban terrorçylarynyň Owganystanyň günbataryndaky Badgys welaýatynyň Bala Murgab etrabyna guran hüjüminde 30 sany howpsyzlyk gullukçysy öldi

1177279
Taliban terrorçylary Badgys welaýatynyň Bala Murgab etrabyna hüjüm gurady

Bala Murgabyň etrap häkimi Abdul Waris Şirzad “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýannamasynda terrorçylaryň Bala Murgab etrap merkezine dört tarapdan hüjüm edendigini aýtdy.

Hüjümde 30 sany howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny beýan eden Şirzad, köp sanly howpsyzlyk gullukçysynyň bolsa ýaralanandygyny we ýesir düşendigini aýtdy.

Şirzad hüjümde etrabyň esasy böleginiň guramanyň gözegçiligine geçendigini beýan etdi.

Badgys welaýatyndan berilen beýannamada hüjümden soň bolan çaknyşykda köp sanly terrorçynyň öldürilendigi habar berildi.

Talibanyň wekili Zabihullah Mujahit bolsa hüjümden soň bäş sany gözeçilik merkezini alandyklaryny öňe sürdi.



Degişli Habarlar