Braziliýanyň San-Paulu ştatynda bank talajak bolan toparyň 11 agzasy öldürildi

Braziliýanyň San-Paulu şäherinde iki aýry banky talajak bolan topardan 11 adam öldürildi

1177963
Braziliýanyň San-Paulu ştatynda bank talajak bolan toparyň 11 agzasy öldürildi

Ştatyň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, Guararema şäherinde iki aýry banka ýaragly 25 adam tarapyndan guralan talaňda wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärleri bilen talaňçylaryň arasynda ýaragly çaknyşygyň ýüze çykandygy mälim edildi. 

Çaknyşykda 11 talaňçynyň öldürilendigi, 3 talaňçynyň bolsa göz tussaglygyna alynandygy habar berildi. 

Polisiýa işgärleri çaknyşykdan soň köp sanda ýarag, sapança we partlaýjy ele saldy. 

Çaknyşykda käbir talaňçylaryň gaçandygy aýan edildi. 

 



Degişli Habarlar