Hindistan  bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlyk dowam edýär

Hindistanyň ýaragly güýçleriniň ot açmagy sebäpli 4 adam ýogaldy

1175663
Hindistan  bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlyk dowam edýär

 

Hindistanyň ýaragly güýçleriniň Kaşmir gözegçilik liniýasynda ot açmagy sebäpli 4 adam ýogaldy

Pakistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan berlen beýanatda, Hindistanly esgerleriň Kaşmir gözegçilik liniýasynyň Pakistan tarapyndaky Rakhjhakri gümrük geçelgesindäki harby gözegçilik merkezini nyşana almagy sebäpli Pakistanly 3 esgeriň ýogalandygy, 1 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Beýanatda Pakistanly esgerleriň hem hüjüme ot açmak bilen gaýtawul görkezendigi bellenildi.

Hindistan tarapyndan ot açylmagy sebäpli Niaza Per etrapçasynda hem 70 ýaşyndaky ýaşulynyň ýogalandygy ýatladyldy.

Hindistan hem Pakistan tarapyndan ot açylmagy sebäpli 1 ofiseriň ýogalandygyny habar berdi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar