Arap Ligasy sebitde başdan geçirilýän kynçylyklaryň syýasy taýdan çözülmegi barada çagyryş berdi

Arap Ligasynyň 30-njy liderler maslahaty Tunisde geçirildi

1174952
Arap Ligasy sebitde başdan geçirilýän kynçylyklaryň syýasy taýdan çözülmegi barada çagyryş berdi

Tunisde geçirlen Arap Ligasynyň 30-njy liderler maslahatynda Palestina-Ysraýyl çaknyşygynyň başda durmagynda sebitde başdan geçirilýän kynçylyklaryň syýasy taýdan çözülmegi barada çagyryş berildi.

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda, Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň, Palestina meselesi bilen Arap-Ysraýyl çaknyşygynyň adalatly we yzygiderli ýagdaýda çözülmegine baglydygy nygtaldy

Jarnamada Palestina maliýe taýdan goldaw berilmelidigi nygtaldy we halkara jemgyýetçiligine BMG-nyň Palestinaly bosgunlara ýardam guramasyna berilýän goldawyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berildi.

Jarnamada palestinanyň halkynyň halkara derejesinde gorag astyna alynmagy, Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi we Aksa metjidiniň başda durmagynda mukaddes ýerlere äsgermezçilik edilmeginiň öňnüňiň alynmagy islendi we Ýahudy Halk döwlet kanuny ýazgaryldy.

Jarnamada Liwiýa krizisiniň harby taýdan eýsem syýasy taýdan çözülmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Jarnamada şeýle hem Golan depeleriniň Siriýa degişlidigi we Ysraýyl tarapyndan basylyp alynandygy ýatladyldy we Golan depeleriniň hukuky we demografik statusynyň üýtgedilmegini maksat edinýän kararlaryň legal däldigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar