Ukrainada prezident saýlawy geçirilýär

Ukrainada şu gün halk ýurdyň täze Prezidentini saýlamak üçin ses berýär

1173885
Ukrainada prezident saýlawy geçirilýär

Petro Poroşenkonyň wezipe möhlediniň dolmagy sebäpli geçirilýän saýlawda takmynan 30 million adam ses berer.

Ýurdyň täze Prezidentini kesgitlemek üçin 199 saýlaw okrugynda 29 müň 888 saýlaw uçastogy döredildi.

Saýlawda 29 million 767 müň saýlawçy ses berip biler.

Donbas we Russiýa tarapyndan basylyp alynan Krymdaky takmynan 5 million ukrainaly raýat bolsa saýlawlara gatnaşyp bilmez.

Saýlawyň ilkinji tapgyrynda sesleriň 50 göteriminden gowragyny alan dalaşgär bolmasa, onda iň köp ses alan ilkinji 2 dalaşgär saýlawyň ikinji tapgyrynda ýagny 21-nji aprelde özära bäsleşerler.  

Ýurdyň häzirki prezidenti Petro Poroşenkonyň ýaňadandan dalaşgär bolan saýlawda, Poroşenko bilen birlikde aktýor-komik Wladimir Zelenskiý we ýurdyň ozalky Premýer ministri Ýuliýa Timoşenkonyň atlary öňe çykýar.

Ukrainanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy, 17 ýurt we 19 halkara guramadan 2 müň 344 daşary ýurtly synçynyň saýlawlara gözegçilik edýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar