Ysraýylyň Premýer ministri Gaza operasiýa guramak bilen hemle atdy

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, gabaw astyndaky Gaza operasiýa guramak bilen hemle atdy

1172780
Ysraýylyň Premýer ministri Gaza operasiýa guramak bilen hemle atdy

Gaza serhediniň golaýynda ýerleşdirilen Ysraýylyň Ýaragly güýçlerine degişli harby bölümler bilen duşuşan Netanýahu, howpsyzlyk güýçleriniň harby taýýarlyklaryny gözden geçirdi.

Uly bir söweşe girmäge mejbur galan halatlarynda ondan çekinmejekdiklerini aýdan Netanýahu: “Beýleki ähli ýollar sarp edileninden soň, Ysraýylyň ähli raýatlary bilip goýsun: eger giň-gerimli bir söweşe girmäge mejbur galsak, muňa güýçli bir ýagdaýda gireris” sözlerini ulandy.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygynda sişenbe güni geçirilen howpsyzlyk maslahatynda, Gaza serhedindäki harby bölümlere goşmaça harby güýç iberilmek barada karar kabul edildi.

Palestitanyň Toprak gününiň 43-nji ýyllygy mynasybetli ertir şenbe güni Gaza serhedinde giň gerimli demonstrasiýalaryň geçirilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar