Amerikanyň Nýu-Ýork ştatynda gyzamyk epidemiýasy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

“BBC-niň” Türkçe ýaýlymynyň habar bermegine görä gyzamyk sanjymyny etdirmedik çagalaryň jemgyýetçilik ýerlerine barmagy gadagan edildi

1171778
Amerikanyň Nýu-Ýork ştatynda gyzamyk epidemiýasy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Sanjym sany barhan azalýan ABŞ-da Waşington, Kaliforniýa, Tehas we İllinois ýaly köp sanly ştatynda gyzamyk epidemiýasy ýüze çykypdy.

Sanjyma garşy durmaklyk gyzamyk epidemiýasynyň esasy sebäplerinden biri bolmagynda galýar.

Dini ynançlar, şahsy sebäpler ýa-da pelsepewi garaýyşlar sebäpli köp sanly adam çagalaryna sanjym etdirmeýär.

Ýolbaşçylar adatda daşary ýagdaýyň azyndan 30 gün dowam etjekdigini habar berdi.

Şol möhletde sanjymy bolmadyk çagalaryň mekdepler, söwda merkezleri, restoranlar ýa-da ybadathanalar ýaly ýerlere barmagy gadagan bolar.

Düzgüni bozanlara 500 dollar puşmany tölegi ýa-da 6 aýa çenli azatlykdan mahrum edilme jezasy beriler.

2018-nji ýylda Ýewropada görülen gyzamyk hassalygynyň sany 82,5 müňe ýetip, öňki ýylyň üç eşsesine barabar bolupdy. Şol san soňky 10 ýylyň iň ýokary çägi boldy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bolsa 2019-njy ýylyň esasy global saglyk howplarynyň sanawyna sanjym ýetmezçiligini hem goşupdy.



Degişli Habarlar