ABŞ Eýranly ýene-de 31 adama we gurama sanksiýa goýdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Robert Palladino Eýrana goýlan täze sanksiýalar hakynda ýazmaça beýanat berdi

1169116
ABŞ Eýranly ýene-de 31 adama we gurama sanksiýa goýdy

ABŞ Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmek baradaky işlerine goldaw berýändigi bahanasy bilen ýene-de 31 adama we gurama sanksiýa goýdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Robert Palladino Eýrana goýlan täze sanksiýalar hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Palladino Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegi bilen arabaglanşykly gizlin arhiwler hakyndaky soraglara jogap bermek islemedi.

Resmi Tähranyň ýadro ýaragyny öndürmek baradaky işleri bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdiklerini aýdan Palladino, şol çäkde Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmek baradaky işlerine goldaw berýändigi sebäpli ýene-de 31 adam bilen guramanyň sankiýa sanawyna degişli edinendigini nygtady.

Palladino sanksiýa sanawyna alynan adamlaryň we guramalaryň Eýranyň goranyş Inowasiýa we ylmy barlag guramasy bilen arabaglanşyklydygyny belledi.

ABŞ, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýa bilen Eýranyň arasynda 2015-nji ýylda gol çekişilen ýadro şertnamasyndan 2018-nji ýylyň maý aýynda bir taraply ýagdaýda çekilenden soň Eýrana garşy ýaňadandan sanksiýa goýmaga başlapdy.

 

 



Degişli Habarlar