Dünyä ýurtlary Boeing 737 Max uçarlary meselesinde has ünsli…

Birnäçe ýurt Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň uçuşyny saklady we howa giňişliklerini Boeing 737 Max uçarlaryna ýapdy

1163439
Dünyä ýurtlary Boeing 737 Max uçarlary meselesinde has ünsli…

Dünyä ýurtlary Boeing 737 Max uçarlary meselesinde has ünsli…

Efiopiýanyň Howa ýollary degişli Boeing 737 Max 8 kysymly ýolagçy uçary 10-njy martda Addis Ababadan Keniýa gitmek üçin uçandan gysgat wagt soň heläkçilige uçrapdy we uçardaky 157 adam ýogalypdy.

Uçar heläkçiliginden soň Türkiýe, Singapur, Hytaý, İndoneziýa, Malaýziýa, Efiopiýa, Awstraliýa, Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Awstriýa, Gazagystan, Birleşen Arap Emirlikleri, Täze Zelandiýa, Liwan, Kosowa, Müsür we Bahreýin ýaly birnäçe ýurt Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň uçuşyny saklady we howa giňişliklerini Boeing 737 Max uçarlaryna ýapdy.

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp hem ýurtdaky ähli Boeing 737 Max 8 we Boeing 737 Max 9 kysymly uçarlaryň uçuşynyň ikinji görkezmäge çenli saklanandygyny mälim etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar