Russiýada internediň çäklendirilmegine garşy protest geçirildi

Russiýanyň paýtagty Moskwada internediň çäklendirilmegine garşy protest geçirildi

1160813
Russiýada internediň çäklendirilmegine garşy protest geçirildi
rusya internet protesto1.jpg

Moskwadaky Saharow köçesinde, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň internetdäki käbir maglumatlara çäklendirme girizmegi sebäpli “Internede azatlyk” ady bilen demonstrasiýa geçirildi.

Polisiýa gullugy, protestden ozal şygarlar ýazylan käbir ýazgylary we ballonlary demonstrantlaryň ellerinden aldy, 28 adamy göz tussaglygyna aldy.

Içeri işler ministrligi mitinge 6 müň 500 adamyň gatnaşandygyny aýdan bolsa, oppozisioner çeşmeler bolsa demonstrantlaryň sanynyň 15 müň 300 bolandygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Moskwa , #protest

Degişli Habarlar