Tramp bilen Bolsonaro 19-njy martda Ak Tamda duşuşar

Donald Tramp Braziliýanyň Prezidenti Bolsonaro bilen duşuşar

1160023
Tramp bilen Bolsonaro 19-njy martda Ak Tamda duşuşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Braziliýanyň Prezidenti Bolsonaro 19-njy martda Ak Tamda duşuşar

Ak Tam tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda iki lideriň duşuşykda goranyş senagaty pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegi, söwda gatnaşyklary we Wenesueladaky syýasy ýagdaý hakynda pikir alyşjakdygy nygtaldy.

Beýanatda Tramp bilen Bolsonaronyň Wenesuela ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginde Braziliýanyň öz üstüne aljak jogapkärçiligi hakynda hem pikir alyşjakdygy bellenildi.

“Braziliýaly Tramp” hökmünde häsiýetlendirlen Bolsonaronyň prezidentligine saýlanmagynyň yzy ýanynda Trampyň oňa telefon eden ilkinji liderlerlerden biri bolmagy ünsleri özüne çekidi we amerikan halky Trampyň bu çemeleşmesine garşylyk görkezipdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňk döwürde ösmäge başlandygy ünsleri özüne çekýär  we esasan Wenesuela meselesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesine uly gyzyklanma bildirilýär.

 



Degişli Habarlar