Pakistanyň howa giňişliginiň käbir ýerleri ýaňadandan ýapyldy

Pakistanda dolulygyna açylandygy habar berilen howa giňişliginiň gündogar-günbatar ugrunda ertire çenli gaýtadan ýapylandygy habar berildi

1159620
Pakistanyň howa giňişliginiň käbir ýerleri ýaňadandan ýapyldy

Pakistanyň Raýat awiasiýa edasyndan berilen beýannamada 27-nji fewralda ýapylan we 3 gün soň bölekleýin häsýetde açylan howa giňişliginiň şu gün dolulygyna açylmagyndan soň käbir ýerleriň gaýtadan ýapylandyğy we ertire çenli ýapyk boljakdygy mälim edildi.

Beýannamada howa giňişliginde gündogar-günbatar we günbatar-gündogar ugurlarynda ýapylan üstaşyr howa gatnawynyň ertir ýerli wagt bilen sagat 10:00-da açyljakdygy habar berildi.

Pakistana gonjak uçarlaryň bolsa kesgitlenen uğurlardan peýdalanjakdygyna üns çekilýän beýannamada, Sialkot, Rahim Ýar Han we Sukkur howa menzilleriniň bolsa ertir ýerli wagt boýunça 10:00-a çeni ýapyk boljakdygy mälim edildi.

Esasanda Aziýa-Ýewropa uçuş ugurlarynyň özgermegine ýa-da bes edilmegine sebäp bolan howa giňişliginiň ýapylmagy baradaky karar sebäpli uçarlar Eýran we Hytaý ugurlaryndan peýdalanýardy.

İki ýurduň arasyndaky dartgynlyk 26-njy fewralda Hindistanyň Pakistanyň howa giňişligini bozmağy sebäpli hasam möwjäpdi, Pakistan bolsa 27-nji fewralda Hindistandaky nyşanalary bombalapdy.

Şol gün Pakistanyň howa giňişligini bozan 2 hindi uçaryny urup düşüren Pakistan bilen Hindistanyň howa giňişlikleriniň belli böleklerini ýa-da dolulygyna howa gatnawyna ýapypdy.



Degişli Habarlar