Pakistanyň howa giňişligi dolulygyna açyldy

Iki yurduň arasyndaky dartgynlyk 26-njy fewralda Hindistanyň Pakistanyň howa giňişligini basgylamagy sebäpli has-da dartgynlaşypdy

1159325
Pakistanyň howa giňişligi dolulygyna açyldy

Hindistan bilen Pakistanyň arasynda guralan howa operasiyalary sebäpli yapylan Pakistanyň howa giňişligi dolulygyna açyldy.

Pakistan tarapyndan berlen beyanata göra, 27-nji fewralda yapylan we 3 gün soň bir bölegi açylan howa giňişligi şu gün dolulygyna açyldy

Esasan Aziya-Yewropa uçar saparlarynyň ugrunyň üytgedilmegine yada yapylmagyna sebäp bolan karar sebäpli uçarlar Eyran-Hytay ugryny ulanyardy.

Günorta Aziya bilen Yewropanyň arasyndaky uçar saparlarynda bolsa Oman giňişligi ulanylyardy.

Karar uçar yolagçylygynyň möhlediniň uzamagyna we yangyç çykdajysynyň artmagyna sebäp bolyardy.

Iki yurduň arasyndaky dartgynlyk 26-njy fewralda Hindistanyň Pakistanyň howa giňişligini basgylamagy sebäpli has-da dartgynlaşypdy.

Pakistan hem 27-nji fewralda Hindistana garşy howa hüjümini gurapdy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar