Eýranda 19 million garyp adam bar

Eýranyň Tähran uniwersitetiniň Bilim geňeşiniň agzasy we ýurdyň ozalky Transport we şäherçilik ministri Abbas Ahundi, şäherlerdäki 19 million adamyň garyplyk derejesinde ýaşaýandygyny belledi

1158147
Eýranda 19 million garyp adam bar

Paýtagt Tähranda geçirilen “Şäherleriň transformasiýasy we dolanşygy” atly konferensiýada çykyş eden Ahundi: “Şäherlerde 19 million adam garyp çäginde ýaşaýar. Bu san ýurdyň ilatynyň ¼ bölegine deň” diýip habar berdi.

Eýranyň resmi agentligi IRNA-nyň beren beýanatyna görä, şäherlere sosiologik taýdan garalmalydygyny aýdan Ahundi, şäherleriň transformasiýasynyň şäherleriň ykdysady we sosial ösüşine goşant goşjakdygyny mälim etdi.

Ahundi mundan başgada, Prezident Hasan Ruhaniniň hökümetiniň 10 ýylda ýurtda 2 müň 700 etrapçaýy Şäherleriň transformasiýasy taslamasynyň çäginde täzelemegi maksat edinýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar