“Daşary işler ministrligi Asadyň Tährana guran saparyndan habarly däldi”

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Bahram Kasymi Ministrligiň Siriýanyň Lideri Başar Asadyň Tährana guran saparyndan hiç hili habarynyň bolmandygyny beýan etdi

1157108
“Daşary işler ministrligi Asadyň Tährana guran saparyndan habarly däldi”

Kasymi Daşary işler ministrliginiň saýtyndan Asadyň sapary barada beren ýazmaça beýanatynda, ministrlige sapar barada maglumat berilmändigini mälim etdi.

Beýannamasynda Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarifiň we käbir diplomatlara sapar barada maglumat berilmelidigine ünsi çeken Kasymi; “Daşary işler ministrligine sapar barada hiç hili maglumat berilmedi. Sapar tamamlanýança ministrlige maglumat berilmedi” diýdi.

Kasymi Zarifiň iş başyndan çekilmeginiň şol mesele bilen baglydygy baradaky habarlara bolsa: “Zarifiň iş başyndan çekilmeginiň sebäplerinden biri hem Daşary işler ministrligi bilen bolan şeýle utgaşyksyzlyklardy” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif 25-nji fewralda sosial media hasabyndan beren habarnamasynda iş başyndan çekilýändigini habar beripdi. İş başyndan çekilmek baradaky arzasyny Prezident Hasan Ruhani tarapyndan kabul edilmedik Zarif, 27-nji fewralda Eýrana remi sapar guran Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan üçin guralan resmi garşylama dabarasyna gatnaşypdy.

 

 



Degişli Habarlar