"Sebitde howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin Arap ýurtlary bilelikde hereket etmeli"

Şa Abdullah Arap ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny güýçlendirilmelidigini belledi

1156186
"Sebitde howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin Arap ýurtlary bilelikde hereket etmeli"

Iordan Şasy Abdullah II sebitde howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin Arap ýurtlarynyň bilelikde hereket etmelidigini nygtady.

Iordan Şasy Iordaniýada geçirlen Arap Parlamentarlar bileleşiginiň Iýerusalym konferensiýasynyň çäginde Arap ýurtlarynyň mejlis başlyklary bilen Al Hüseýniýe köşgünde duşuşdy.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanata görä, Şa Abdullah duşuşykda Arap ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny güýçlendirilmelidigini belledi.

Arap dünýäsinde başdan geçirilýän kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin bilelikde hereket etmelidiklerini aýdan Abdullah II, käbir Arap ýurtlarynyň arasyndaky özara kynçylyklaryň syýasy taýdan çözmelidigini belledi.

“Iýerusalim Palestinalylaryň müdümi paýtagty” ady bilen geçirlen we 16 arap ýurdunyň gatnaşmagynda düýn Ammanda öz işine başlan konferensiýa şu gün tamamlanar.

 

 



Degişli Habarlar