Gollandiýa Eýrandaky ilçisini yzyna çagyrdy

"Karar özara gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirer"

1156752
Gollandiýa Eýrandaky ilçisini yzyna çagyrdy

 

Gollandiýanyň Daşary işler ministri Stef Blok beren ýazmaça beýanatynda, Gollandiýanyň hökümetiniň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini yzyna çagyrmak barada karar kabul edendigini nygtady.

Ministr Blok, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Gollandiýanyň Tährandaky ilçihanasynda işleýan iki adamy “islenmeýän adam” hökmünde yglan edendigi we ýurdy terk etmekleriniň islenendigi sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigini belledi.

Eýranyň Gagadaky ilçisiniň Gollandiýanyň Daşary işler ministrligine çagyrlandygyny aýdan Blok, ilçä ýurdunyň kararynyň kabul edilip bilinmejekdiginiň we kararyň özara gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirjekdiginiň aýdylandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar