Talibanyň harby baza guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Hüjümde ýaralanan 16 esgeriň saglyk ýagdaýynyň gowudygy habar berildi

1155557
Talibanyň harby baza guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda ýerleşýän Şorab harby bazasyna düýn Talibana agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany 23-e ýetdi.

Owganystanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, hüjümde ýogalan adamlaryň harbylaryň sanynyň 23-e ýetendigi mälim edildi.

Hüjümde 16 esgeriň ýaralanandygy aýdylýan beýanatda, hassahana alynyp gidilen ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň kadalydygy aýan edildi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, harby bazanyň içindäki çaknyşygyň entegem dowam edýändigi, hüjümde aralarynda amerikan esgerleriniň hem bolan 200 harbynyň ölendigini öňe sürüldi.


Etiketkalar: #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar