Donald Tramp-Kim Çen Yn duşuşygy başlady

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň taryhy duşuşygy başlady

1153669
Donald Tramp-Kim Çen Yn duşuşygy başlady

Iki lideriň arasyndaky duşuşyk Wýetnamyň paýtagty Hanoi şäherinde ýerli wagt bilen sagat 18:30-da başlady.  

Iki lideriň arasyndaky esasy maslahatyň bolsa ertir geçiriljekdigi habar berildi.

II Tramp-Kim duşuşygyna birnäçe sagat galan mahaly Ak Tamdan beýanat berildi, Trampyň duşuşyk programmasy bilen bagly maglumat berildi.

Şoňa laýyklykda iki lideriň arasynda takmynan 20 minut dowam etmegi meýilleşdirilen ikiçäk duşuşykdan soň, wekiliýetleriň gatnaşmagynda agşam nahary beriler.

Ak Tam, iki lideriň ertirki maslahatynyň jikme-jikligi bolsa entek paýlaşmady.

Trampyň, Hanoide Wýetnamyň Döwlet baştutany Nguýen Phu Trong we Premýer ministri Nguýen Şuan Phuk bilen duşuşmagyna garaşylýar.

ABŞ-niň Prezidenti Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim, 2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Singapurda geçirilen taryhy duşuşykda ilkinji gezek gepleşikler geçiripdiler we köptaraplaýyn şertnamalar baglaşypdylar.



Degişli Habarlar