Nähak ýere 39 ýyl tussaghanada saklanan adama kompensasiýa beriler

ABŞ-niň Kaliforniýa şatynyň Simi Walleý şäherinde, etmedigi jenaýat sebäpli 39 ýyl tussaghanada saklanan adama 21 million dollarlyk kompensasiýanyň berilmegi barada karar kabul edildi

1152127
Nähak ýere 39 ýyl tussaghanada saklanan adama kompensasiýa beriler

Simi Walleý şäheriniň ýolbaşçysy Erik Lewitt, 1-i çaga jemi 2 adamyň öldürmek bilen günäkärlenen we 39 ýyl tussaghanada saklanananyndan soň günäsizdigi ýüze çykyp, 2017-nji ýylda azat edilen 71 ýaşyndaky Kreig Koleýe 21 million dollar kompensasiýanyň beriljekdigini habar berdi.

Lewitt, hiç bir maddy kompensasiýanyň Koleýiň başyndan geçirenleriniň öwezini dolduryp bilmejekdigini belläp, kompensasiýanyň 4,9 million dollarynyň Simi Walleý şäheriniň häkimligi tarapyndan, galan 16,1 million dollarynyň bolsa ätiýaçlandyryş we beýleki guramalar tarapyndan beriljekdigini mälim etdi.

Geçen ýyl Koleýe 2 million dollarlyk aýratyn bir kompensasiýa berilipdi.

Kraig Koleý, halaşýan zenany Ronda Wiht we Wihtiň 4 ýaşyndaky ogluny öldürmek bilen aýyplanyp, 1978-nji ýylda tussaghana iberipdi.



Degişli Habarlar