BMG Wenesueladaky protest ýörişlerinde aşa güýç ulanylmazlygy barada duýduryş berdi

Guterreş Wenesuelanyň Daşary işler ministri Arreaza bilen duşuşdy

1150996
BMG Wenesueladaky protest ýörişlerinde aşa güýç ulanylmazlygy barada duýduryş berdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Wenesueladaky protest ýörişlerinde aşa güýç ulanylmazlygy barada duýduryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretarlygy tarapyndan berlen beýanata görä, Guterreş Wenesuelanyň Daşary işler ministri Arreaza bilen duşuşdy.

BMG-nyň Baş sekretarlygynda bolan duşuşykda Wenesuelada başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-nyň Baş sekretary Guterreş duşuşykda Wenesueladaky ýolbaşçylara protest ýörişlerinde aşa güýç ulanylmazlygy barada duýduryş berdi.

Guterreş BMG-nyň Wenesuelalylara ýardam bermek üçin BMG-nyň garaşsyzlyk we bitaraplyk ýörelgesiniň çäginde Wenesuelaly guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar