3600 adam Parižiň köçelerinde ýaşaýar

Geçen ýyl geçirlen barlagda 3 müne golaý adamyň köçede ýaşaýandygy anyklanylypdy

1145984
3600 adam Parižiň köçelerinde ýaşaýar

 

Fransiýanyň paýtagty Parižde 3600-den gowrak adam köçede ýaşaýar.

Parižiň şäher häkimligi 7-nji fewral gijesi şäheriň köçelerinde we metro beketlerinde geçirlen “öýsüzleriň anyklanylmagy” işleriniň netijeleri barada maglumat berdi

Parižde ikinji gezek geçirlen barlagda 2232 adamyň köçelerde, 751 adamyň otly we metro beketlerinde, 639 adamyň hem tokaýlarda we seýilgählerde ýaşaýandygy anyklanyldy.

Geçen ýyl geçirlen barlagda 3 müne golaý adamyň köçede ýaşaýandygy anyklanylypdy.

Geçen ýyl köçelerde ýaşaýan 18 öýsüz dürli sebäplerden ýogaldy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 2017-nji ýylyň tomus aýlarynda beren beýanatynda “2017-nji ýylyň ahyryna çenli köçede ýaşaýan ýekeje adam hem galmaz” diýipdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar