Eýranda guralan hüjümde 27 esger öldi, 13 sanysy ýaralandy

Eýranda Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň serhet gullukçylaryny alyp barýan ulaga kamikaze hüjümi guraldy

1144928
Eýranda guralan hüjümde 27 esger öldi, 13 sanysy ýaralandy

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä Sistan-Bulujistan welaýatynyň Zahidin bilen Haş ýolunyň ugrunda Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň esgerlerini alyp barýan ulaga kamikaze hüjümi guraldy.

Ynkylap goragçylarynyň goşunynda 27 esgeriň ölmegine, 13 sanysynyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümiň Ysraýylyň we imperialist güýçleriň howpsyzlyk gulluklarynyň goldaw bermeginde guralandygy öňe sürüldi.

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA” bolsa hüjümde 20 esgeriň ýogalandygyny, azyndan 20 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Mebugat Sekretary Bahram Kasymi Sistan-Buluçistanky Ynkylap goragçylaryna guralan terror hüjüminde sebitde ýerleşýän ýurtlary günäkärledi.

Kasymi kamikaze hüjümi barada beren ýazmaça beýannamasynda; “Eýranyň halkynyň ogullary bu hüjümiň aryny hökman alarlar” diýdi.

Kamikaze hüjümini boýunça “Jeýşul Adl” atly gurama, wakada ulagyň içinde 40 esgeriň ählisiniň ýogalandygyny öňe sürdi. Guramadan berilen beýannamadan soň Eýranyň resmileri haýsydyr bir beýanat bermediler.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif waka barada Twitter arkaly habarnama berdi. Köp sanly esgeriň ýogalan hüjümi barada ABŞ-nyň goldaýan terror toparlaryna ünsi çeken Zarif: “Eýranyň “Warşawa sirkiniň” çykyş eden güni terror hüjümine sezewar bolmagy tötänlikmi? Esasanda şol terrorçylaryň ýaranlarynyň Warşawanyň köçelerinde şüweleňleriň geçirilýän we Twitterde galp hasaplar bilen şüweleňleri goldaýan wagtynda. Görnüşine görä ABŞ elmydama şeýle ýalňyşlyklary edýär, emma başga netijelere garaşýar” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar