Fransiýanyň Premýer ministri: Sary ýeňsizlileriň 1796-sy azatlykdan mahrum edildi

Fransiýanyň Premýer ministri Eduar Filipp, Sary ýeňsizlileriň demonstrasiýalarynda başdan geçirilen hadysalar sebäpli 1796 adamyň azatlykdan mahrum edilendigini habar berdi

1143991
Fransiýanyň Premýer ministri: Sary ýeňsizlileriň 1796-sy azatlykdan mahrum edildi

Eduar Filipp, ýurdyň Milli mejlisinde eden çykyşynda, demonstrasiýalarda ulanylan aşa güýji we döwlet edaralaryna guralan hüjümleri ýazgardy.
Sary ýeňsizlileriň demonstrasiýalarynyň başlan günüden bäri başdan geçirilen hadysalar sebäpli 1796 adamyň azatlykdan mahrum edilendigini we 1422 adamyň kazyýet diňlenşiginiň entek bolmandygyny aýdan Fransiýanyň Premýer ministri, 18 adama garşy bolsa kazyýet işiniň gozgalandygyny beýan etdi.

Beýleki tarapdan bolsa aşa sagjy Milli Birlik partiýasynyň başlygynyň ozalky orunbasary Floriant Filippot Ýewropa Parlamentinde, Sary ýeňsizlileriň demonstrasiýalarynda polisiýa işgärleri tarapyndan ulanylan gözüňi ýaşardýan gaz sebäpli gözüni ýitiren adamlara raýdaşlyk görkezmek üçin sary ýeňsiz geýdi we sag gözüni eli bilen ýapdy.

Ýangyjyň bahalarynyň gymmatladylmagyna nägilelik bildirmek maksady bilen 2018-nji ýylyň 17-nji noýabrynda başlan, emma soň ýurdyň Prezidenti Emmanuel Makronyň hökümetine garşy herekede öwrülen demonstrasiýalar, ýurtda soňky ýyllaryň iň uly protestleri hökmünde bellige alyndy.
Demonstrasiýalarda 11 adam ýogaldy, 2 müňden gowrak adam ýaralandy, 6 müňden gowrak adam bolsa göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar