Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmde partlama boldy

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmde öýleriň birinde bolan partlamada 1 adam ýogaldy

1142591
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmde partlama boldy

Aftonbaldet gazediniň berýän habaryna görä, şäheriň Warberg etrapçasyndaky wakada 20 ýaşly bir adam ýogaldy.

Stokgolmiň Içeri işler edarasyndan berilen beýanatda, düýn ýerli wagt bilen sagat 15:00-da bolan wakadan soň, bomba hünärmenleri tarapyndan partlamanyň bolan ýerinde derňew geçirilendigi mälim edildi.

Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Anna Westberg, wakanyň terrorçylyk bilen baglanşykly bolup-bolmadygy bilen birlikde ähli taraplaýyn gözden geçirilýändigini habar berdi.

Beýleki tarapdan Expressen gazedi, kamikaze hüjümçisidigini aýdýan adamynyň özüni partladandygyny we wakanyň bolan ýerinde ýogalandygyny beýan etdi.

Şwesiýanyň Razwedka gullugy SEPO waka bilen baglanşykly derňew başlatdy.


Etiketkalar: #Şwesiýa , #partlama , #Stokgolm

Degişli Habarlar