“Öňümizdäki hepde DAIŞ-iň 100 göteriminiň saplandygyny resmi ýagdaýda aýdyp bilerin”

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, öňümizdäki hepde Siriýada terror guramasy DAIŞ-iň dolulygyna 100 göteriminiň saplanandygyny resmi ýagdaýda aýdyp biljekdigini habar berdi

1140469
“Öňümizdäki hepde DAIŞ-iň 100 göteriminiň saplandygyny resmi ýagdaýda aýdyp bilerin”

Donald Tramp: “Resmi beýanata garaşmak isleýärin” diýdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem gatnaşýan terror guramasy DAIŞ-e garşy Koalisiýanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda çykyş etdi.

Hökümetiň başyna geçmeginden soň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşleri barada maglumat beren Tramp, saýlawlarda üstünlik gazanmagyndan soň eden ilkinji işleriniň biriniň hem Pentagona baryp, terror guramasy DAIŞ-i ortadan aýyrjak bir meýilnamanyň taýarlanmagyny islemek bolandygyny habar berdi.

Terror guramasy DAIŞ-iň ozal esasan hem internediň üsti bilen propoganda işlerini geçirmek bolandygyny aýdan Tramp: “Indi olar bu ugurda hem täsirli däl” diýip belledi.


Etiketkalar: #Donald Tramp , #DAIŞ

Degişli Habarlar