Owgan syýasatçylar Russiýada Talibanyň resmileri bilen gepleşikler geçirerler

Owganystanly syýasatçylar 5-6-njy fewral aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwada Talibanyň resmileri bilen gepleşikler geçirerler

1138460
Owgan syýasatçylar Russiýada Talibanyň resmileri bilen gepleşikler geçirerler

Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasy tarapyndan berilen beýanatda, Talibanyň resmileri bilen Owganystanyň syýasatçylarynyň arasynda geçiriljek duşuşygyň Russiýada ýaşaýan owganlar tarapyndan taýarlanandygy mälim edildi.

Beýanatda ady agzalan gepleşiklerde Russiýanyň hökümetiniň rolunyň bolmandygy aýan edildi.

Owganystanyň hökümetinden hiç bir wekiliň gatnaşmajak gepleşiklere, partiýanyň liderleri we beýleki käbir syýasatçylar taýarlanýar.

Owganystanyň Daşary işler ministrligi hem gepleşiklere Owganystanyň hökümetine wekilçilik etjek hiçkimiň gatnaşmajakdygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan Owganystanyň ozalky Prezidenti Hamid Karzai, sosial media hsabyndan beren beýanatynda, Moskwada geçiriljek gepleşigiň Taliban bilen parahatçylyk gepleşikleri üçin ilkinji ädimiň boljakdygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #Moskwa

Degişli Habarlar