Eýran Yrakda eýranlylary alyp barýan awtobusa guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Kasymy terrorçylaryň şuňa meňzeş hüjümler bilen Eýran bilen Yragyň halkynyň arasyndaky gatnaşyklary bozmak isleýändiklerini ýatlatdy

1138445
Eýran Yrakda eýranlylary alyp barýan awtobusa guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Eýranyň Daşary işler ministriniň metbugat geňeşçisi Behram Kasymy Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Salahaddin welaýatynda eýranlylary alyp barýan awtobusa guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda berlen ýazmaça beýanatda Kasymy, düýn Salahaddin welaýatynyň Beled etrabynda guralan hüjüm barada “Terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys” diýdi.

Kasymy terrorçylaryň şuňa meňzeş hüjümler bilen Eýran bilen Yragyň halkynyň arasyndaky gatnaşyklary bozmak isleýändiklerini ýatlatdy.

Salahaddin welaýatynyň Beled etrabynda gubyrlary zyýarat etmek üçin Yraga giden eýranlylary alyp barýan awtobusa guralan bombaly hüjümde1 adam ýogalypdy, 9 adam hem ýaralanypdy.

Salahaddin welaýatynda şaýylaryň keramatly ymamlarynyň gubyrlary ýerleşýär.



Degişli Habarlar