Donald Tramp Wenesuela we Demirgazyk Koreýa bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Wenesuela harby operasiýa guralmagyň bar bolan wariantlaryň biridigini nygtady

1137977
Donald Tramp Wenesuela we Demirgazyk Koreýa bilen bagly beýanat berdi

Donald Tramp Amerikan CBS telewideniýesine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Wenesueladaky soňky ýagdaýyň üstünde durup geçen Tramp, ABŞ-niň Wenesuela harby güýç iberip-ibermejekdigi bilen bagly soraga: “Elbetde ol hem wariantlaryň biri” diýip jogap berdi.

Tramp Wenesuelanyň Döwlet Baştutany Nikolas Maduronyň birnäçe aý ozal özi bilen duşuşmak isländigini, emma özüniň bu talaby kabul etmändigini belledi.

Donald Tramp, Demirgazyk Koreýa bilen geçirilýän ýadro gepleşiklerinde bolsa uly öňe gidişlikleriň edilendigini belläp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen duşuşygyň gününi yakyn wagtda aýan etjekdigini habar berdi.
 



Degişli Habarlar