Ýanukowiç 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Ukrainanyň ozalky Prezidenti Wiktor Ýanukowiç “döwlede dönüklik edendigi sebäpli” 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi

1133183
Ýanukowiç 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Kiýewiň Obolon etrap kazyýetinde Ýanukowiçiň döwlede dönüklik edendigi günäkärlemesi boýunça dowam edýän kazyýet işinde höküm çykaryldy.

Höküme görä ozalky Prezident “döwlede dönüklik etmek” we “Ukraina garşy hüjümlere goldaw bermek” günälerinden 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde 2013-2014-nji ýyllardaky protestler sebäpli şol wagtky döwlet Ýolbaşçysy Ýanukowiç Russiýa gaçyp gidipdi.

Ýanukowiç döwlede dönüklik etmekde we Ukrainanyň döwlet serhetleriniň üýtgedilmegi üçin bilkastlaýyn aksiýalara hem-de Ukraina garşy hüjümlere goldaw bermekde günäkärlenip 2017-nji ýylyň 4-nji maýynda jenaýat işine çekilipdi.

Kazyýet işiniň başlamagyndan bari 89 diňlenşik geçiren kazyýetde karardan ozal soňky sözi üçin birnäçe gezek diňlenşige çagyrylan Ýanukowiç, wideokonferensiýa arkaly hem bolsa diňlenşige gatnaşmagy kabul etmändi.

Prokurotura Wiktor Ýanukowiçiň 15 ýyl azatlykdan mahrum edilmegini talap edipdi.



Degişli Habarlar