Ahmedinežad protest geçirmek üçin rugsat sorady

Bu barada Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežad sosial media arkaly habarnama ýazdy

1122220
Ahmedinežad protest geçirmek üçin rugsat sorady

Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežad 20-nji ýanwarda paýtagt Tähranda halkyň gatnaşmagyndaky demonstrasiýada “döwlet ýolbaşçylarynyň syýasatlaryny we ýurduň dolandyrlyş usulyny protest etmek” üçin ýurduň hökümetinden rugsat sorady.

Ahmedinežad sosial media hasabyndan beren habarnamasynda İçeri işler ministri Abdurryza Rahmani Fazla hat ugradyp, konstitutsiýanyň 27-nji maddasyna laýyklykda 20-nji ýanwarda Tährandaky Ynkylap meýdanynda halkyň gatnaşmagynda demonstrasiýa geçirmek üçin ýüz tutandyklaryny beýan etdi.

Döwlet resmileriniň syýasatlaryny we ýurduň dolandyrlyş usulyny protest etmek isleýändiklerini nygtan Ahmedinežad, kanuny haklardan biri bolan ptotest geçirmäge rugsat berilmän halatynda onyň jenaýat boljakdygyny duýduryp, şeýle bolan halatynda ministriň legallygyny ýitirjekdigini öňe sürdi.

Eýranda 2017-nji ýylyň soňky günlerinde başlan we gysga möhletde ýurduň çar tarapyna ýaýran protestleriň başlamagyndan Ahmedinežadyň “möhüm pozisiýa eýeländigi” öňe sürülipdi.

Ahmedinežad geçen ýyl hem protest aksiýasyny geçirmek üçin ýüz tutupdy, emma hökümet tarapyndan kabul edilmändi.



Degişli Habarlar