Siriýadaky esgerlerimiz bir tarapdan çekiler, beýleki tarapdan DAIŞ-e garşy söweşmäge dowam ederis

Tramp Siriýadan çekilmek baradaky meýilnamadaky gapma-garşylyklar hakyndaky makala garşylyk görkezdi

1121042
Siriýadaky esgerlerimiz bir tarapdan çekiler, beýleki tarapdan DAIŞ-e garşy söweşmäge dowam ederis

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň Siriýadaky esgerleriniň bir tarapdan çekiljekdigini, beýleki tarapdan hem terror guramasy DAIŞ-e garşy söweşmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Donald Tramp Twitter arkaly “The Nýu Ýork Taýmes” gazetinde çap edilen we Siriýadan çekilmek baradaky meýilnamadaky gapma-garşylyklar hakyndaky makala garşylyk görkezdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp “ Nýu Ýork Taýmes gazeti Siriýa hakyndaky niýetimi bilýändigine garamazdan ýalňyş makala çap etdi. Siriýadan çekilmek barada ozal beýan eden garaýşym üýtgemedi. Bir tarapdan DAIŞ-e garşy söweşmäge dowam ederis, beýleki tarapdan hem çekilmek baradaky işlerimizi dowam etdireris” diýdi.

Nýu Ýork Taýmes gazeti Trampyň Siriýadan çekilmek baradaky kararynyň Tramp bilen egindeşleriniň arasynda uly düşnüşmezlige sebäp bolandygyny, kararyň ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagony bolsa biynjalyk edýändigini mälim edipdi

 

 

 


Etiketkalar: #çekilmek , #ABŞ , #Donald Tramp

Degişli Habarlar