Owganystanda ýeriň süýşmegi sebäpli altyn magdanynda işleýän 30 işçi ýogaldy

Magdan heläkçiliginde 7 işçi hem ýaralandy

1120727
Owganystanda ýeriň süýşmegi sebäpli altyn magdanynda işleýän 30 işçi ýogaldy

Mesele hakynda berlen beýanatda Badahşan welaýatynda ýeriň süýşmegi sebäpli ýeriň 60 metr aşagynda galan altyn magdanynda işleýän 30 işçiniň ýogalandygy, 7 işçiniň ýaralanandygy nygtaldy.

Magdan çeşmeleri taýdan baý bolan welaýatda obalylardan daşary Taliban hem girdeji gazanmak üçin gazuw işlerini geçirýär.

Owganystanyň daglyk meýdanlarynda ýygy-ýygydan ýer süýşýär

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar