Pompeo Moskwada saklanan Amerikanyň raýaty Whelanyň boşadylmagy barada çagyryş berdi

Moskwada içalylyk edýändigi sebäpli Amerikanyň raýaty bolan Paul Whelanyň 28-nji dekabrda saklanandygyny habar berlipdi

1118552
Pompeo Moskwada saklanan Amerikanyň raýaty Whelanyň boşadylmagy barada çagyryş berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Russiýanyň paýtagty Moskwada saklanan Amerikanyň raýaty Paul Whelanyň boşadylmagy barada çagyryş berdi.

Russiýanyň Federal howpsyzlyk gullugy Moskwada içalylyk edýändigi sebäpli Amerikanyň raýaty bolan Paul Whelanyň 28-nji dekabrda saklanandygyny habar beripdi.

Braziliýanyň Prezidenti Bolsonaronyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin Braziliýa giden ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Moskwada ABŞ-nyň adyndan içalylyk edýändigi sebäpli saklanan hormatly dynç alyşdaky harby işgäriň boşadylmagyny isledi.

Russiýa Federassiýasynyň kanunlaryna görä, içalylyk etmekde aýyplanylýan Whelan 10 ýyldan 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner

 

 



Degişli Habarlar