Indoneziýanyň Sumatra adasynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky Açe ştatynda 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1117187
Indoneziýanyň Sumatra adasynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimat we geofizika guramasy, güýç merkezi ştatyň ştatyň paýtagty Bande Açeniň 93 km günorta-günbatarynda bolan ýer titremäniň ýeriň 14 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi.

Adada sunaminiň boljakdygy barada hem duýduryş berilmedi.

Indoneziýada 2004-nji ýylyň 26-njy dekabrynda bolan 9,1 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide 230 müň adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar