Donald Tramp garaşylmadyk ýagdaýda Yraga bardy

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň terror guramasy DAIŞ-i ortadan aýyrjakdygyny mälim etdi

1114463
Donald Tramp garaşylmadyk ýagdaýda Yraga bardy

 

Tramp we aýaly garaşylmadyk ýagdaýda Yraga baryp, ol ýerde iş alyp barýan amerikan esgerler bilen Roždestwo baýramçylygyny belläp geçdi.

Ak Tamdan berilen beýanatda, ABŞ-niň Prezidentiniň we aýalynyň, Yrakda iş alyp barýan amerikan esgerleri bilen bilelikde Roždestwo baýramçylygyny belläp geçendigi habar berildi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sara Sanders, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Donald Trampyň aýaly Melani Tramp bilen bilelikde Roždestwo gijesinde, eden hyzmatlary we gazanan üstünliklerini gutlan amerikan esgerleriniň Roždestwo baýramçylygyny belläp geçmek üçin Yraga barandygyny habar berdi.  

Ýurdyň günbataryndaky, Anbar welaýatynda ýerleşýän Aýnül Asad harby bazasyna baran Tramp ol ýerde eden çykyşynda: “Yrakdan çekilmek bilen bagly hiç hili meýilnamamyz ýok. Eger Siriýada birzatlar etmek islesek Yragyň üsti bilen ederis” diýip belledi.

Tramp özünden Siriýadan çekilmek üçin goşmaça wagt islenendigini, emma muny kabul etmändigini nygtap: “DAIŞ-i ortadan aýyrmak isleýän Prezident Erdogan bilen köp gepleşikler geçirdik. Ol we beýlekiler muny ýerine ýetirer. ABŞ dünýä polisiýa bolmagyny dowam etdirmez” diýdi.

“Erdogan, Siriaýda DAIŞ-den galan näme bar bolsa ýok etmek isleýär” diýen Tramp: “Saud Arabystany hem geldi we munyň ykdysady ýagdaýda çykdajysyny öz üstlerine alýandygyny mälim etdi” diýip habar berdi.

Tramp 3 sagat dowam eden saparyndan soň Yrakdan gaýtdy.

ABŞ-niň Prezidenti Tramp Yraga guran saparynda hiç bir yrakly ýolbaşçy bilen ikiçäk duşuşyk geçirmedi.


Etiketkalar: #Donald Trump , #Yrak , #sapar

Degişli Habarlar