" Fransiýanyň ÝPG/PKK-a goldaw berjekdigini beýan etmegine geň galandyk"

Damask frondynyň serkerdesi Abu Ahmet Nur Anadoly habarlar gullugyna beýanat berdi

1113495
" Fransiýanyň ÝPG/PKK-a goldaw berjekdigini beýan etmegine geň galandyk"

Siriýada Azat Siriýa goşunynyň çäginde iş alyp barýan Damask frondynyň serkerdesi Abu Ahmet Nur, Fransiýanyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a goldaw berjekdigini beýan etmegine geň galandyklaryny nygtady we ýurdy ÝPG/PKK-a agza terrorçylardan saplamakdan tutanýerlidiklerini aýtdy.

Nur ABŞ-nyň Siriýadan çekilmek kararyndan soň Fransiýanyň ÝPG/PKK-a goldaw berýän beýanaty hakynda Anadoly habarlar gullugyna beýanat berdi.

Azat Siriýa goşunynyň serkerdesi Nur, Fransiýanyň Siriýa meselesindäki tutumyna geň galandyklaryny belledi.

“ÝPG/PKK bilen bir hatarda söweşip olara goldaw bermegi, azatlygy we parahatçylygy goldaýan ýurt Fransiýany güýçden gaçyrar” diýen Nur, “Milli goşun hökmünde ýurdumyzyň terrorçylardan saplanmagy, howpsyzlygymyzyň we durnuklylygymyň üpjün edilmegi, ýerini ýurdunu terk etmeli bolan halkymyzyň öýlerine dolanyp gelmegi üçin beren wadamyzda durarys” diýdi.

 

 


Etiketkalar: #Damask , #front , #serkerde , #Fransiýa

Degişli Habarlar