Kabulda hökümet binasyny nyşana alan hüjümde 43 adam ýogaldy

Hüjümde 23 adam ýaralandy

1113004
Kabulda hökümet binasyny nyşana alan hüjümde 43 adam ýogaldy

 

Owganystanyň paýtagty Kabulda hökümet binasyna guralan hüjümde 43 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nažib Daniş, hökümet binasynyň öňünde bomba ýüklenen ulagyň ýarylmagyndan soň ýaragly adamlaryň bina guran hüjüminde 43 adamyň ýogalandygyny, 23 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Daniş howpsyzlyk güýçleriniň hüjümden soň geçiren operasiýasynda ýaragly 3 hüjümçini öldürendigini belledi.

Şaýatlar hökümet binasynyň bir böleginiň ýanandygyny we hüjümçiler bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşygyň bolandygyny nygtady.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

 

 

 

 



Degişli Habarlar