Terror guramasy DAIŞ Siriýadaky soňky galasyny ýitirdi

ÝPG/PKK bilen DAIŞ-iň arasynda bolan çaknyşyklardan soň DAIŞ-li terrorçylar etrap merkezini terk etdi

1112604
Terror guramasy DAIŞ Siriýadaky soňky galasyny ýitirdi

 

Deýrizordaky ýerli çeşmeleriň berýän habaryna görä, Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Deýrizor welaýatynyň Hejjin etrap merkezinde ÝPG/PKK bilen DAIŞ-iň arasynda bolan çaknyşyklardan soň DAIŞ-li terrorçylar etrap merkezini terk etdi.

Şeýlelikde Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky etrap merkezi ÝPG/PKK-nyň basyp alyşlygy astyna girdi we DAIŞ, Deýrizordaky soňky galasyny ýitirdi.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK ABŞ-nyň goldaw bermeginde Ýefrat derýasynyň gündogarynda Deýrizoryň gündogaryny, günbataryny we demirgazygyny basyp alypdy.

ABŞ-nyň howadan, Fransiýanyň gury ýerden topçu atyşlary bilen goldaw bermeginde ÝPG/PKK 11-nji sentýabrda DAIŞ-iň Deýrizordan dolulygyna çykarylmagy üçin operasiýa başladylypdy.

Deýrizoryň günbatarynda bolsa Başar Asada tabynlykdaky güýçler iş alyp barýar.

ÝPG/PKK bolsa Siriýanyň topraklarynyň1/3bölegini basyp aldy.



Degişli Habarlar