Nigeriýada 30 million çaga ýeterlik iýmitlenip bilmeýär
Nigeriýanyň Kaduna ştatynda 10 aýda 132 çaga iýmit ýetmezçiligi sebäpli ýogaldy
Kaduna ştatynyň İýmitleniş müdirliginiň resmilerinden Hažiýa Hauwa Usman ýeterlik iýmitlenmeýändigi sebäpli 10 aýda 132 çaganyň ýogalandygyny, 12,858 çaganyň bolsa hassahanalara getirilendigini, şolardan 10,604 sanysynyň bejergi alýandygyny aýtdy.
Bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň 11,7 göteriminiň azyk ýetmezçiligine sezewardygyny aýdan Usman, şol çagalardan 47 göteriminiň fiziki taýdan az ösýändigini beýan etdi.
Günbatar Afrika ýurtlaryndan biri bolan Nigeriýanyň Nasarawa ştatynda ýeterlik iýmitlenmeýändigi sebäpli soňky üç aýda 30 çaganyň pida bolandygy habar berilipdi.
Nigeriýada terror guramasy Boko Haramyň hüjümleri, öri meýdanlary sebäpli bolýan çaknyşyklar we ykdysady çökgünlik sebäpli 35 milliona golaý çaga ýeterlik iýmitlenip bilmeýär.
Degişli Habarlar
"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"
BMG: "Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip mälim etdi