Trampyň gaznasynyň ýapyljakdygy mälim edildi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň şahsy we syýasy bähbitleri üçin ulanylandygy öňe sürülen Tramp gaznasynyň ýapyljakdygy habar berildi

1109624
Trampyň gaznasynyň ýapyljakdygy mälim edildi

Nýu-Ýorkyň Baş Prokurory Barbara Underwud, Trampa we 3 çagasyna garşy kazyýet işiniň gozgalandygyny ýatladyp, Tramp gaznasynyň ýapyljakdygyny mälim etdi.

Barbara Underwud gazna bilen bagly geçirýän derňew işiniň çäginde Tramp gaznasy bilen birlikde, Trampyň saýlawlardaky wagyz işlerinde bikanun hyzmatdaşlyk, dowamly we bilkastlaýyn häsýetde öz bähbidi üçin iş etmek we başgada ençeme mesele boýunça örän uly derejedäki bikanun işleriň anyklanandygyny beýan etdi.

“Bu hukugyň üstünligi taýdan uly bir ýeňiş, bu karar kanunlaryň ähli adamlar üçin deňdigini orta goýýar” sözlerini ulanan Underwud, gazna degişli 1,75 million dollaryň hem Baş prokuratura we ştatyň kazyýeti tarapyndan tassyklanan beýleki ynsanperwer guramalara beriljekdigini habar berdi.

Tramp gaznasy bolsa Nýu-Ýork Baş prokuraturasy tarapyndan gozgalan kazyýet işiniň syýasy maksatlydygyny öňe sürüp, ret edipdi.


Etiketkalar: #Tramp , #gazna , #ýapylmak , #prokuror

Degişli Habarlar