Siriýanyň Afrin etrabyndaky bazarda bombaly hüjüm guraldy

Afrin etrabynyň merkezinde gök-önüm bazarynda bomba ýüklenen ulag partladyldy

1107927
Siriýanyň Afrin etrabyndaky bazarda bombaly hüjüm guraldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Azat Siriýa goşunynyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-dan saplan ýeri bolan Siriýanyň Afrin etrabynda bazarda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýogaldy, 20-den gowrak adam ýaralandy.  

Afrin etrabynyň merkezinde gök-önüm bazarynda bomba ýüklenen ulag partladyldy.

Howpsyzlyk güýçleri töwerekde howpsyzlyk çärelerini gördiler, hüjümde ýaralanan adamlar bolsa golaýdaky hassahanalara alynyp gidildi.

Partlamanyň güýji bilen bazardaky dükanlara zeper ýetdi, Raýat goranyş toparlary bolsa harabalyklaryň aşagynda galan adamlary çykarmak üçin iş alyp barýarlar we ýangyn söndürme işlerini geçirýärler.

Mundan başgada Afriniň Willalar köçesinde bir bombaly ulag tapyldy we ulag partladylmadan ozal hünärmenler tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.  

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok.


Etiketkalar: #Afrin , #bazar , #hüjüm

Degişli Habarlar