Tramp Netanýahunyň talabyny kabul etmedi

Netanýahunyn ABŞ-dan Liwana sanksiýa goýulmagyny isledi

1105703
Tramp Netanýahunyň talabyny kabul etmedi

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyn ýurdunyň Liwan serhedinde anyklan we Hizbullaha degişlidigi öňe sürlen tuneller sebäpli ABŞ-dan Liwana sanksiýa goýulmagyny isländigi emma resmi Waşingtonyň şol talaby kabul etmändigi öňe sürüldi.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Netanýahu geçen hepde Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen bolan duşuşygynda Liwan serhedinde anyklanylan we Hizbullaha degişlidigi aýdylýan tuneller barada maglumat berdi.

Netanýahunyň duşuşykda ady agzalýan tuneller sebäpli ABŞ-dan Liwana we ýaragly güýçlerine sanksiýa goýulmagyny talap edendigi emma resmi Waşingtonyň şol talaby kabul etmändigi nygtaldy.

 


Etiketkalar: #sanksiýa , #Ysraýyl , #ABŞ

Degişli Habarlar