Yrakda terror guramasy DAIŞ-e agza 12 terrorçy tussag edildi

Tussag edilen terrorçylaryň şäher merkezinde terrorçylykly hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigini bellenildi

1103797
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e agza 12 terrorçy tussag edildi

Yragyň Kerkük şäheriniň günortasynda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan şol bir wagtda başladylan operasiýada bikanun ýollardan şähere girmek üçin taýarlyk görýän terror guramasy DAIŞ-e agza 12 terrorçy tussag edildi.

Yragyň merkezi hökümetine tabynlykdaky Terrora garşy göreş toparynyň serkerdesi Maan Es Saidi, şäheriň günürtasynda iş alyp barýan howpsyzlyk güýçleri tarapyndan başladylan operasiýalarda terrorçylar bilen birlikde köp sanly ýaragyň we ok-däriniň ele geçirlendigini aýtdy.

Saidi “Gelip gowşan maglumatlara laýyklykda başladylan operasiýada köp sanly terrorçy tussag edildi” diýdi.

Saidi tussag edilen terrorçylaryň şäher merkezinde terrorçylykly hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigini belledi.

 



Degişli Habarlar